Baýramçylyk joşguny

19 Mart 2021
1341

Diýarymyza pasyllaryň soltany bolan baharyň gelmegi bilen sähralarymyz, dag-düzlerimiz ýaşyl begrese bürenýär. Kalbyňy heýjana salýan şeýle ajaýyp günlerde Halkara Nowruz baýramçylygy mähriban halkymyzyň ruhuny has-da belende galdyrýar. Golaýda Milli bahar baýramy mynasybetli Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda «Arkadagly ata Watan lälezar» ady bilen aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy geçirildi. Dabaranyň çäginde institutymyzyň ylym-bilimde, sportda gazanan üstünliklerini, ýeten sepgitlerini giňden açyp görkezýän, halkymyzyň milli özboluşlylygyny, döwrebap ýaşaýyş-durmuşyny, döredilýän ajaýyp şertlerini giňden şöhlelendirýän sergi guraldy. Dabarada institutyň «Oguzlar» aýdym-saz topary parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany — eziz Diýarymyzy, hormatly Arkadagymyzyň amala aşyrýan beýik işlerini belent heňde şirin aýdymlar bilen wasp etdiler. Professor mugallymlarymyzyň, talyp ýaşlarymyzyň hormatly Arkadagymyzyň döreden ajaýyp eserleri, bahar baýramçylygy, onuň taryhy ähmiýeti dogrusynda eden gyzykly çykyşlary dabara gatnaşyjylarda uly ruhubelentlik döretdi. Dabarada mähriban halkymyza eşretli, abadan, bagtyýar durmuşy peşgeş edýän hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak, beýik işleriniň rowaç bolmagy babatdaky alkyşly sözler belentden ýaňlandy. 

Annamyrat MERDANOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymy.