Türkmen döwlet gurjak teatrynda «Şäher ertekisi» atly täze spektakl taýýarlanylýar. Režissýor Y.Durdyýewiň dramaturg G.Daňatarowyň pýesasy esasynda sahnalaşdyran spektaklda başlangyç synp okuwçysynyň başdan geçirýän wakalary körpe tomaşaçylara ýakyn dilde janlandyrylýar. Çagalar üçin özboluşly sowgat boljak bu spektaklda H.Hudaýberdiýew, A.Mergenowa, N.Çaryýewa, M.Haýdarow ýaly ýaş artistler dürli häsiýetli gahrymanlaryň keşplerini dörederler.
* * *