Bu gün Nowruz baýram joşa gelipdir,
Saçakda şerbetler noşa gelipdir.
Bu gün hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda günsaýyn ösýän we gözelleşýän Garaşsyz Türkmenistanyň bagtyýar raýatlary gadymy milli bahar baýramymyzy — Halkara Nowruz gününi dabaraly garşylaýarlar. Nowruz baýramy halkymyz tarapyndan indi müňlerçe ýyllap örän täsin garşylanýar. Mysal üçin, bu gadymy baýrama çenli gelýän iň soňky çarşenbe güni ilkagşam türkmen obalarynyň adamlary kiçiräk şaman oduny ýakyp, ol ýerde dabara gurap, oduň üstünden bökýärler. Her bir maşgala öýlerde arassalaýyş-tämizleýiş işlerini geçirýär. Baýramçylyk günleri birek-biregi Nowruz — Täze ýyl baýramy bilen gutlap, ýurt, il-gün üçin ýagşy dilegleri edýärler.