Parahatçylygyň belent nusgasy

18 Mart 2021
1765

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň ilkinji günlerinden Türkmenistan daşary syýasatyny örän oýlanyşykly ýola goýdy. Halkara hukugynyň kadalaryna uly hormat goýýan döwletimiz iri, abraýly halkara guramalar bilen hyzmatdaşlyga uly üns berýär. Şunda Birleşen Milletler Guramasy bilen ysnyşykly, strategik hyzmatdaşlygy ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýär. 1992-nji ýylyň 2-nji martynda Birleşen Milletler Guramasynyň agzalygyna kabul edilen Türkmenistan turuwbaşdan halkara gatnaşyklarda dünýäniň ähli döwletleri bilen deňhukuklylyk esasynda hyzmatdaşlygy alyp barjakdygyny aýan etdi.

Mukaddes Garaşsyzlygymyza eýe bolanymyzdan soň ata Watanymyzyň hemişelik Bitaraplyk syýasatynyň Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilmegi türkmen diplomatiýasynyň gazanan uly üstünligi boldy. Baky Bitaraplygymyzyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilmegi bilen, Aşgabat ylalaşdyryjy merkeze öwrüldi. 2007-nji ýylyň dekabr aýynda Aşgabatda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň açylmagy türkmen diplomatiýasynyň taryhynda möhüm waka boldy. Ol özüni Milletler Bileleşiginiň sebitdäki ygtybarly merkezi hökmünde görkezip, möhüm meseleler boýunça ysnyşykly gatnaşyklar üçin wajyp gepleşikleriň geçirilýän ýerine öwrüldi.

Aýjeren TAGANDURDYÝEWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.