Guwanjymyz edep-terbiýeli nesil

17 Mart 2021
1396

«Maşgalam — baş galam» diýen pähimi döreden pederlerimiziň durmuşda esasy üns beren ugurlarynyň biri maşgala terbiýesi bolupdyr. Maşgalada agzybirlik, birek-birege ynam bolsa, sylag-hormat göwnejaý berjaý edilse, şol ojakda sagdyn, merdana, edep-terbiýeli, Watana, ene-ata wepaly, kämil ýaş nesliň ýetişýändigi öz-özünden düşnüklidir. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe edep-terbiýeli, ylym-bilimli, giň dünýägaraýyşly nesli kemala getirmek Gahryman Arkadagymyzyň alyp barýan parasatly döwlet syýasatynda esasy orunlaryň birini eýeleýär.

«Çagalaryna aýratyn söýgi, aýratyn alada bilen garamak, olara özleriniň iň gowy zatlaryny bagyş etmek türkmenleriň gadymdan gelýän däpleriniň biridir» diýip belleýän hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen eziz Diýarymyzyň obalarynda, şäherçelerinde, şäherlerinde gurlup, ulanylmaga berlen çagalar baglarynda, orta mekdeplerde, çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde, sport toplumlarynda bagtyýar nesillerimiziň bilim-terbiýe almaklary, wagtlaryny peýdaly geçirip, döwrebap dynç almaklary, bedenlerini berkitmekleri, sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmaklary üçin ähli şert-mümkinçilikleriň bardygy döwrümiziň ajaýyp hakykatydyr.

Amansoltan AŞYROWA,
Balkanabat şäherindäki 32-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi.