Şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygyny zähmet üstünlikleri bilen garşylamagy maksat edinýän halkymyz ýylyň başyndan bäri has-da uly ruhubelentlik bilen zähmet çekýär. Garaşsyzlyk ýyllarynda gurlup ulanylmaga berlen, kaşaňlygy we döwrebaplygy bilen tapawutlanýan Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň binasynda zähmet çekýän işgärler hem Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygyny zähmet sowgady bilen garşylamaga çalyşýarlar. Kitaphananyň agzybir işgärleriniň maksady bagtyýarlyk döwrüniň okyjylaryna döwrebap hyzmat etmekden ybarat. Döwlet kitaphanamyzda bu ugurda köp işler alnyp barylýar. Döwrüň talabyna laýyk gelýän, täze iş usullary ornaşdyrylyp, dürli medeni çäreler guralýar. Okyjylaryň arasynda döredijilik we edebiýat agşamlaryny geçirmek, dürli söhbetdeşlikleri guramak ýaly çäreler, baýramçylyk dabaralary yzygiderli geçirilip durulýar. Kitap sergileri guralýar. Okyjylar elektron kitaplardan geregiçe peýdalanyp bilýärler.
«Döwrebap bibliografik görkezijiler» diýen at bilen Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasy hem-de Türkmen Döwlet medeniýet institutynyň arasynda geçirilen önümçilik tejribe söhbetdeşligine institutyň talyplary höwes bilen gatnaşyp, özlerini gyzyklandyrýan sowallara anyk jogaplary tapýarlar.