Milli terbiýäniň gönezligi

17 Mart 2021
1521

Adamzat ähli döwürlerde nesil terbiýesine uly ähmiýet berip, ýaşlaryň bagtly geljegi ugrunda tagalla edip gelipdir. Ýaşlary watansöýüjilik we gaýratlylyk ruhunda terbiýelemäge aýratyn ähmiýet beren türkmen halky nesil terbiýesiniň kämil mekdebini kemala getiripdir. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyz ata-babalarymyzyň asylly ýörelgelerine eýerip, nesil terbiýesini hemişe üns merkezinde saklaýar we ýaşlaryň bagtyýar durmuşyny üpjün etmek ugrunda irginsiz tagallalary edýär.

Ýaşlary Watana wepalylyk, asyllylyk, ynsanperwerlik, zähmetsöýerlik ýaly ýörelgeler esasynda terbiýelemäge, olaryň hukuk we durmuş goraglylygyny üpjün etmäge, ruhy-ahlak hem-de medeni gymmatlyklarymyzy, milli däp-dessurlarymyzy wagyz etmäge gönükdirilen işler nesil terbiýesinde möhüm orny eýeleýär. Halkymyzda gadymy döwürlerden bäri çagalara ýaşlykdan ulyny sylamak, kiçini söýmek ýaly ýagşy gylyk häsiýetler ündelip gelipdir. Şol endik-häsiýetler nesilden-nesle geçip, häzirki wagtda-da, dowam etdirilip gelinýär. Hormatly Prezidentimiz «Mertler Watany beýgeldýär» atly eserinde: «Ata-babalarymyz perzendine pent edeninde, Jygalybeg bolup sözläpdirler, Magtymgulynyň şygyrlary bilen olara merdanalygy wesýet edipdirler. Şeýdip, il-halkynyň agysyna aglan, begenjine begenen Görogly ýaly ärleri ýetişdiripdirler. Jygalybegiň pentleri — halkymyzyň häsiýetidir, dünýägaraýşydyr.

Gurbanmyrat MUHAMMEDOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň bölüm müdiri.