Arkadagly Garaşsyz, Bitarap döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ene dilimizi çuňňur bilýän ýaşlar dünýä dilleri bolan iňlis, rus, ýapon, hytaý dillerini hem öwrenýärler. Pähimdar pederlerimiz hem «Dil bilen-dünýäni gezer», «Dil bilen — dana» ýaly nakyllary döredip, dürli dillerde ýazylan dürdäne paýhaslardan many çykarmagy ündäpdirler.
Dünýäniň dürli ýurtlary bilen köpugurly hyzmatdaşlygyň giň gerimde alnyp barylýan bagtyýarlyk döwründe ylmyň we tehnikanyň täze gazananlarynyň önümçilige ornaşdyrylmagy döwlet dilini hem-de daşary ýurt dillerini kämil bilýän nesliň kemala gelmegini talap edýär. Hormatly Prezidentimiz häzirki ösen jemgyýetimizde ähli kärdäki hünärmenleriň dil taýýarlygynyň zerurdygyny nygtaýar. Şoňa laýyklykda ýaş nesle daşary ýurt dillerini çuňňur öwretmek Gahryman Arkadagymyzyň dil taglymatynyň aýrylmaz bir bölegini düzýär.