Sanly bilim ulgamy giň mümkinçilikleri açýar

16 Mart 2021
1794

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda geljegimiz bolan ýaş nesliň döwrebap bilim almagy, bedenterbiýe hem-de sport, döredijilik bilen meşgullanmagy, watansöýüjiligiň we ynsanperwerligiň, zähmetsöýerligiň belent ruhunda terbiýelenmegi üçin giň mümkinçilikler döredilýär.

Bilim we ylym, edep-ekram düşünjeleri ynsanyň iň gowy gylyk-häsiýetlerini, belent adamkärçiligini, ahlak sypatlaryny özünde jemleýär. Olar jemgyýetçilik gatnaşyklarynyň görnüşini kesgitleýär. Şu nukdaýnazardan, ýurdumyzda ykdysadyýetimiziň ähli pudaklary bilen bir hatarda, bilim ulgamy düýpli kämilleşdirilýär, okuw-terbiýeçilik işleriniň esaslary, wezipeleri, görnüşleri, usullary yzygiderli döwrebaplaşdyrylýar. Maşgalanyň, bilim ojaklarynyň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň özara sazlaşykly gatnaşyklaryny pugtalandyrmak ugrunda maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar.

Aknur GALPAKOWA,
Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň kiçi ylmy işgäri.