Hytaý dilinde terjimäniň aýratynlygy

16 Mart 2021
1578

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe alnyp barylýan dünýä dillerini öwretmek işi özüniň iň nusgawy ugurlaryny kemala getirýär. Dil öwrenmegiň esasy açarlarynyň biri hem terjimedir. Dil öwrenilip başlanylandan, eýýäm öwreniji terjime etmäge girişip başlaýar. Terjime diňe bir dil öwrenijiniň sözlük baýlygynyň artmagyna däl, eýsem, öwrenýän diliniň ýurdunyň medeniýetini, sungatyny, däp-dessurlaryny, edim-gylymlaryny öwrenip, dünýägaraýyşlarynyň has-da giňemegine ýardam berýär.

Terjimede islendik diliň özüne mahsus bolan birnäçe aýratynlyklary bolýar. Şunda esasy faktorlaryň biri hem onuň manysynyň anyk hem dogry bolmagy, ýagny takyklygy örän wajypdyr. Şol sebäpli, terjime edilende diliň özüne mahsus bolan dürli grammatiki, semantiki, leksiki aýratynlyklaryny, olaryň arasyndaky arabaglanyşygy tapawutlandyryp, okyja dogry manyly terjime bermek zerurdyr. Ösen ýurtlaryň biri bolan Hytaýda hem terjimeçilik işi öz köküni müňýyllyklardan alyp gaýdýar. Terjimeçilik işiniň üç müňýyllyk taryhy bar. Bu bolsa Hytaýyň milli medeniýetiniň ösmeginiň esasy guraly bolupdyr. Has irki döwürlerde hem Hytaýda terjimeçilik käriniň bolandygy barada subutnama getirýärler.

Aýna ÇARYÝEWA,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň mugallymy.