Gahryman Arkadagymyzyň her bir eseri ýurdumyzyň durmuşynda ýatdan çykmajak waka öwrülip, mähriban halkymyzyň ýagty geljegi, aýratyn hem, ýaş nesilleri milli ruhda terbiýelemek babatda uly mekdep bolup durýar. Mähriban Prezidentimiz: «Türkmenistan Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmegiň ýolunda» atly ajaýyp kitabynda «Häzirki zaman Türkmenistan — Garaşsyz, Bitarap ýurt, Merkezi Aziýa sebitinde depginli ösýän döwlet. Ol ägirt uly tebigy baýlyklara, önümçilik kuwwatlyklaryna, gurluş we adam mümkinçiliklerine, giň ýaýbaňlandyrylan ulag-aragatnaşyk ulgamyna eýe» diýip bellemek bilen, ata Watanymyzyň giň gerimli mümkinçiliklerine ýokary baha berýär. Ýurdumyzyň çalt depginler bilen ösýän ykdysady we durmuş ulgamlary bilen bir hatarda, jemgyýetimiziň medeni hem-de aň-bilim ugrundaky ösüşleri dogrusyndaky döredilen şertler, amala aşyrylýan ägirt uly işler halkymyzy täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrýar.
Mähriban halkymyzyň taryhy hem-de ruhy ösüşlerine aýratyn uly täsirini ýetiren Oguz han atamyzdan başlap, Gorkut ata, Görogly beg, Togrul beg, Çagry beg, Keýmir kör serdar, Magtymguly Pyragy ýaly şahsyýetleriň bitiren beýik işleri, döredijiligi, mukaddes ýol-ýörelgesi biziň üçin tapylgysyz miras, genji-hazyna bolup durýar. Bu ýol-ýörelgeler bu günki gün döwletimiziň Garaşsyzlyk we hemişelik Bitaraplyk mukaddeslikleri bilen berk baglanyşyp, döwlet Baştutanymyzyň ynsanperwer, parahatçylyk söýüji syýasatynyň milli esaslaryny emele getirýär. Halkymyzyň kalbynyň töründe orun alan ata Watan, ene toprak düşünjeleri milli ýol-ýörelgelerimiziň esasy özeni bolup, umman ýaly çuň many-mazmuna eýedir. Bular babatda hormatly Prezidentimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly çuň parasata ýugrulan ajaýyp kitabynda giňişleýin beýan edilýär.