Mekdep okuwçylarynyň üstünligi

13 Mart 2021
1717

Şu ýylyň 9-10-njy martynda Türkmenistanyň Milli Bilim institutynda umumybilim berýän ýöriteleşdirilen mekdepleriň okuwçylarynyň arasynda onlaýn arkaly ylmy-döredijilik bäsleşigi geçirildi.

Hormatly Prezidentimiziň ylym-bilim özgertmelerine laýyklykda, robot tehnikasy, tebigy we takyk ylmy ugurly okuw dersleri boýunça mekdep okuwçylarynyň arasynda geçirilýän bäsleşigiň maksady okuwçylaryň öwrenýän derslerine gyzyklanmasyny ýokarlandyrmakdan, olary robot tehnikasy bilen meşgullanmaga höweslendirmekden, tebigy ukyp-başarnyklaryny ösdürmekden ybarat boldy. Bäsleşige ýurdumyzyň mekdep okuwçylarynyň 105-si özleriniň 62 işi bilen gatnaşdy.

Sona DURDYÝEWA.
«Türkmenistan».