Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ylym-bilimde, syýasatda, medeniýetde uly öňegidişlikler gazanyldy. Ähli bilim edaralarynda, orta we orta hünär, ýokary okuw mekdeplerde, ykdysadyýetiň, medeniýetiň ähli ulgamlarynda dünýäniň täze gazanan innowasion tehnologiýalary, kompýuterleri, interaktiw we lingafon enjamlar, önümçilik tehnikalary batly depginlerde ornaşdyrylýar. Bu bolsa talyplaryň häzirki döwür bilen aýakdaş gitmegini talap edýär. Hormatly Prezidentimiziň «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgesinden ugur alyp, ylym we terbiýe bermek mugallymyň wajyp borjy bolup durýar. Ylmy öwrenmek, oňa öz goşandyny goşmak her bir talybyň borjudyr. Gahryman Arkadagymyz talyp ýaşlara talabalaýyk bilim berlip, olaryň okaýan hünärlerini, ugurlaryny çuňňur öwrenmekleri üçin ähli mümkinçilikleri döredip berdi.
Hormatly Prezidentimiziň Sanly ulgam merkezini döredip bermegi hem munuň aýdyň subutnamasydyr. Sanly ulgam merkezinde işleriň döwrebap derejede ýola goýulmagy, bu ugurda alnyp barylýan işleriň dünýä tejribesini nazara almak arkaly mundan beýläk-de kämilleşdirilmegi hem-de döwrebaplaşdyrylmagy ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň maksadalaýyk amala aşyrylmagynda örän möhümdir.