Kalbymyzyň soltany

11 Mart 2021
1406

Dili senaly bir dana kişi: «Dünýäde iň gymmatly baýlyk terbiýedir. Terbiýe bilen galdyrylan baýlygyň-da, terbiýäni berýän ata-enäniň-de bahasy ýokdur» diýipdir.

Ynsan ömri, durmuşyň manysy ene bilen baglydyr. Çünki ene ömrüni öz perzendine durmuşyň ähli ugurlary babatda terbiýe, öwüt bermäge, ilkinji bilimi, ylmy öwretmäge, kesp-käre, söýgüli hünärine ugrukdyrmaga bagyşlaýar. Ýagşylyklaryň ýarany bolup ýaşaýan enäniň bu «bagyşlamasy» perzent üçin onuň durmuşynda ykbal kesgitleýji, iň gymmatly peşgeşdir. Bu barada dili senaly bir dana kişi: «Dünýäde iň gymmatly baýlyk terbiýedir. Terbiýe bilen galdyrylan baýlygyň-da, terbiýäni berýän ata-enäniň-de bahasy ýokdur» diýipdir. Ýagşy işler edip, ynsan hormatyna mynasyp bolan adamyň geljekki nesli hem ýagşy işleri gaýtalaýar. Başda süýji miwe beren daragt soň hem süýji miwe berýär. Çeşmäniň suwunyň gözbaşynda süýji bolşy ýaly, aýagynda hem süýjüdir.

Aýnabat ANNALYÝEWA,
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň ylmy işgäri.