Ajaýyp zamanamyzda ýaş nesilleriň okamaklary, öwrenmekleri, häzirki zaman tehnologiýalaryndan baş çykarmaklary, ylym-bilimiň jümmüşine aralaşmaklary üçin ähli şert-mümkinçilikler döredilýär. Olardan ýerlikli peýdalanylýandygyna bolsa, geçirilýän dürli bäsleşikleriň netijeleriniň mysalynda hem aýdyň göz ýetirmek bolýar.
Biziň mekdebimiziň okuwçylary hem şeýle bäsleşiklerde guwandyryjy netijeleri gazanýarlar. Şu okuw ýylynda okuwçylarymyz Raýan Keroglyýewiň we Zeýnep Çitliýewanyň taýýarlan «Akylly öý» atly taslama işi «Altyn asyryň altyn zehinleri» atly ders bäsleşiginiň çäklerinde geçirilen taslama-döredijilik bäsleşiginiň şäher tapgyrynda ikinji orna, welaýat tapgyrynda bolsa birinji orna mynasyp bolup, onuň döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandy. Şeýle hem mekdebimiziň okuwçylary Aýnabat Hydy-rowa bilen Abadan Hydyrowanyň taýýarlan «Sagdyn durmuş ensiklopediýasy» atly taslama işi bäsleşigiň şäher tapgyrynda ikinji, welaýat tapgyrynda üçünji orunlary eýeläp, döwlet tapgyryna gatnaşmaga mümkinçilik aldy. Mekdebimiziň okuwçylary Güljahan Täşliýewanyň we Göwhertäç Annaorazowanyň «Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasatynyň BMG-de dabaralanmagy» atly taslama işi bolsa bäsleşigiň şäher tapgyrynda üçünji, welaýat tapgyrynda höweslendiriji orna mynasyp görüldi. Raýan Keroglyýew bilen Dünýägözel Hudaýberdiýewanyň «Robot tehnikasy» bäsleşiginiň şäher tapgyrynda birinji, Jeýhun Musaýew bilen Daýanç Baýjanowyň ikinji orunlara, şeýle hem okuwçylarymyzyň «Zehinli ýaşlar sanly ulgamda» atly bäsleşigiň welaýat tapgyrynda ikinji orna eýe bolmaklary mekdebimiziň bilim işgärlerini örän begendiren, guwandyran netijeler boldy.