Zenan –zeminiň zynaty

5 Mart 2021
1441

Zenan — ene, zenan — durmuş hemrasy, zenan — ýaşaýşyň dowamaty. Bu gün zenanlar dürli kärlerde zähmet çekip, her bir maşgalanyň we tutuş jemgyýetiň durmuşynda möhüm orny eýeleýär, ýurdumyzyň ähli ulgamlarda gazanýan üstünliklerine mynasyp goşant goşýar.

Gahryman Arkadagymyz «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly eserinde: «Türkmenistanda zenanlaryň jemgyýetde eýeleýän orny demokratiýanyň ählumumy ýörelgeleriniň halkymyzyň milli ruhy däpleri bilen sazlaşykly ösüşinde kemala gelýär» diýip belleýär. Dogrudan-da, bu gün eziz Diýarymyzda zenanlar belent hormata eýe bolup, gelin-gyzlar milletimiziň asylly däplerine laýyklykda, maşgala abadançylygynyň binýadynda duran wezipelerden başlap, döwleti dolandyryş işine gatnaşmak ýaly örän jogapkärli wezipeleri ýerine ýetirmekde mynasyp orun eýeleýär.

Ahmet ANNABERDIÝEW,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň uly mugallymy.