Bagtyýarlyk döwrüne buýsanç

5 Mart 2021
1606

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüni esaslandyryjy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda bu gün halkymyz ösüşiň häzirki zaman derejesiniň miwelerini öz durmuşlarynda görüp, duýup ýaşaýarlar. Taryh üçin gysga döwrüň içinde ýetilen belent sepgitler halk hojalygynyň ähli ulgamlaryny gurşap almak bilen, döwletimiziň dünýäde ygtybarly orun eýelemegini üpjün etdi. Bu gün ata Watanymyz Türkmenistan özüniň ak mermere beslenen binalary bilen Ginnesiň rekordlar kitabynda mynasyp orun eýeleýär. Döwre ýaraşykly gurlan we gurulýan şeýle binalar gözel paýtagtymyz Aşgabatdan başlap, ähli sebitleriň merkezlerini, oba-kentleri gurşap alýar. Biziň welaýat merkezimizde hem daşyndan howalanyp görünýän, ak mermer binalaryň hatary sanardan köp. Olar diňe bir daşky görnüşi bilen däl, eýsem, içerki guramaçylygy, ýagny döwrebap enjamlar bilen enjamlaşdyrylandygy bilen hem gymmatlydyr.

Welaýat kitaphanasy şeýle binalaryň hatarynda esasy orny eýeleýär. Açylyp duran kitap görnüşinde gurlan bu mermer binanyň içinde kitaphana işi ýokary guramaçylyk derejesinde alnyp barylýar. Kitap okamaga, döwürleýin neşirler bilen hemişe tanyş bolmaga islegiň özümde ýaşlykdan gelýän adatdygy üçin, bu kaşaň binada yzygider bolup, ruhy islegimi kanagatlandyrýaryn. Meniň ilkinji nobatda bellemek isleýän zadym, kitaphananyň içinde ähli amatly şertleriň üpjün edilendigidir. Şol şertler oňaýly taraplary bilen kitap söýüjileriň, ýagny okyjylaryň ösen isleginiň kanagatlandyrylmagyna uly mümkinçilikleri döredýär. Şeýle ajaýyp pursatlara şaýat bolup, bagtyýarlyga buýsançdan köňlüň heýjana gelip, öz halky üçin şeýle eşretli durmuşy döredip berýän Gahryman Arkadagymyza hemişe tüýs ýürekden alkyş aýdýarys.

Eminbaý MÄTWEPAÝEW,
harby gullugyň weterany.