Milli ykdysadyýeti sanlylaşdyrmak, tehnologiýalaşdyrmak babatda öňe sürülýän döwlet syýasaty ýurdumyzy innowasion taýdan ösdürmegiň baş şerti bolup çykyş edýär. Türkmenistanda sanly ulgamy ösdürmek boýunça durmuşa geçirilýän maksatnamalaýyn çäreler bilimli jemgyýeti kemala getirmek, ähli pudaklarda maglumat giňişligini döretmek, döwrebap, iň täze tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmak, dolandyryş ulgamyny kämilleşdirmek, öndürilýän harytlaryň, ýerine ýetirilýän hyzmatlaryň elýeterliligini hem-de hilini ýokarlandyrmak arkaly ilatyň hal-ýagdaýyny we durmuş derejesini gowulandyrmaga gönükdirilendir.
Sanly ulgamyň hem-de jemgyýetçilik diplomatiýasynyň bir ugry hökmünde sanly diplomatiýa ýurduň daşary syýasatyny ýöretmegiň aýratyn bir usuly bolup durýar. Alymlaryň bellemegine görä, sanly diplomatiýa internetiň, täze maglumat we aragatnaşyk tehnologiýalarynyň hem-de jemgyýetçilik mediasynyň üsti bilen diplomatik gatnaşyklary berkitmek üçin ulanylýan täze usuldyr. Däp bolan diplomatiýadan tapawutlylykda, jemgyýetçilik diplomatiýasynyň esasy aratapawudy maglumatlaryň elýeterliliginden, aç-açanlykdan, şahsyýetleriň we guramalaryň (fiziki we ýuridik şahslaryň) arasyndaky gatnaşyklaryň has giň häsiýete eýe bolmagyndan ybaratdyr. Sanly ýa-da elektron diplomatiýany alyp barmaga döwlet edaralary, ilkinji nobatda, daşary syýasaty durmuşa geçirýän döwlet edaralary, şeýle hem hökümete degişli bolmadyk guramalar gatnaşýarlar.