Milli kanunçylykda zenan sarpasy

3 Mart 2021
875

Hormatly Prezidentimiziň belent tagallalary netijesinde ýurdumyzda zenanlaryň jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlarynda erkekler bilen deňhukuklylygy milli kanunçylyk arkaly doly berkidilendir. Türkmen jemgyýetinde aýal-gyzlaryň işjeňligini artdyrmak maksady bilen, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli kanunçylygy kämilleşdirmek babatda hem wajyp ädimler ädildi. Muňa mysal hökmünde «Aýallaryň we erkekleriň deň hukuklarynyň we deň mümkinçilikleriniň üpjün edilmeginiň döwlet kepillikleri hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegini görkezmek bolar.

Keramatly Käbä deňelýän enelerimiz, gelin-gyzlarymyz ýurdy goramakda merdana atalalarymyz bilen egin-egne durup, gözüň görejine deňelýän Watany gorap saklapdyrlar. Parahatçylykly döwürlerde il içinde we maşgalada agzybirligi, päk zähmet çekip ýaşamagy, halallygy ündäp, ýaşlaryň aňynda milli däp-dessurlarymyzy, ruhy gymmatlyklarymyzy terbiýeläp, ojaklaryň hemişe otly bolmagyny ündäp gelipdirler. Halkymyz ýürek yhlasynyň, çeper elleriniň gudratyndan inçe sungata öwrülen nepis halysy, keşdesi, egin-eşigi bilen dünýäde meşhurlyk gazanan zenanlarymyza çuňňur hormat goýup, olaryň mertebesini hemişe belent saklap gelipdir.

Aýna NURYÝEWA,
Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Jezalary ýerine ýetirmek müdirliginiň 2-nji bölüminiň uly gözegçisi, içerki gullugyň maýory, hukuk ylymlarynyň kandidaty alymlyk derejesine dalaşgär.