Wezipeler üstünlikli amala aşyrylýar

3 Mart 2021
1218

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe, «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda goşuny kämil ýagdaýa getirmegiň iň möhüm wezipeleriniň biri hem, harby okuw-terbiýeçilik ulgamyny kämilleşdirmek arkaly, häzirki zaman innowasion enjamlary hem-de maglumat tehnologiýalaryny, sanly ulgamlary ulanyp, harby taýýarlygyň has amatly, şol sanda netijeli görnüşlerini we usullaryny gözläp tapmakdan ybaratdyr. Maglumatlaşdyrmak harby okuw-terbiýeçilik ulgamyny ösdürmegiň iň netijeli ýollarynyň biridir. Şu nukdaýnazardan Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň terbiýeçilik düzüminiň serkerdeleri bilen Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Terbiýeçilik işleri boýunça müdirligi tarapyndan okuw-usulyýet maslahatlaryny geçirmek işleri polkownik Amangeldi Berdiýewiň ýolbaşçylyk edýän garnizonynyň çäklerinde dowam edýär. Onuň esasy maksady goşunlarda terbiýeçilik işini, harby düzgün-nyzamyň ýagdaýyny pugtalandyrmakdan, harby psihologlaryň hünär taýýarlyklaryny has-da ösdürmekden, geçirilýän işleriň netijeliligini ýokarlandyrmakdan ybarat boldy. Ýygnanyşygyň dowamynda geçen ýylda ýurdumyzyň Ýaragly Güýçlerinde meýilnama esasynda ýerine ýetirilen işleriň hasabatlary hem diňlenildi.

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň harby howpsuzlygyny üpjün etmekde terbiýeçilik işiniň öňünde durýan wezipeleri we maksatlary nukdaýnazary bilen geçirilen ýygnanyşyk döwlet syýasatyny wagyz-nesihat etmek, şahsy düzümi harby-watançylyk ruhunda terbiýelemek we harby düzgün-nyzamy pugtalandyrmak çygrynda dowam etdi. Okuw ýygnanyşygy ýörite meýilnama esasynda alnyp barlyp, oňa harby bölümleriň terbiýeçi serkerdeleri işjeň gatnaşdylar. Şeýle çäreler olaryň biri-biri bilen tejribe alyşmaklaryna, iş tejribeleriniň has-da baýlaşmagyna oňyn şert döredýär.

Şöhle GUDYKOWA,
kapitan.