Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde güneşli Diýarymyz bagtly çagalygyň, iň arzyly islegleriň hasyl bolýan ýurduna öwrüldi. Milli Liderimiz Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine girişen ilkinji günlerinden ata Watanymyzda ýaşlaryň döwrebap bilim almaklaryny, mugallymlaryň netijeli zähmet çekmeklerini gazanmak barada alada edip, bilim-terbiýeçilik edaralarynyň işini kämilleşdirmek bilen bagly meseleleri döwlet derejesinde ileri tutdy. Mähriban Prezidentimiz ýurdumyzda ylym-bilimi ösdürmek, ýaş nesliň dünýä derejesinde bilim almagyny, ile-ýurda gerekli adamlar bolup ýetişmeklerini gazanmak bilen bir hatarda talyplaryň ylmy gyzyklanmalary, okuwda gazanýan üstünlikleri bilen içgin gyzyklanyp durýar.
Häzirki wagtda döwlet Baştutanymyzyň bilim ulgamyny kämilleşdirmek hakynda Permanlarydyr Kararlaryna, «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda düýpli özgertmeleriň durmuşa geçirilmegi, ýaş nesliň sagdyn ösmegi üçin ähli şertleriň döredilmegi okuw-terbiýeçilik işinde ýokary netijeleriň gazanylmagyna giň ýol açdy.