«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyz uly rowaçlyklara beslenip, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygynyň dabaralary, ösüş ýolumyzda ýetilen sepgitler dünýäde dabaralanýar. Bu şanly sene Aşgabat şäheriniň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy bilen gabat gelýär.
Ak mermere beslenen Aşgabat şäheriniň birnäçe binalary Ginnesiň bütindünýä rekordlar kitabyna girizildi. Munuň özi ýurdumyzyň baş şäherinde alnyp barylýan işleriň dünýä nusgalykdygynyň aýdyň nyşanydyr.