Şu günler Garaşsyz Türkmenistan möhüm syýasy ähmiýetli çäräniň bosagasynda dur. Ýagny, tutuş türkmen halky ýene sanlyja günlerden geçiriljek Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň birinji saýlawlaryna garaşýar. Üstümizdäki ýylyň 2-nji ýanwaryndan başlanan bu saýlaw möwsümini üstünlikli geçirmek maksady bilen ýerlerde geçirilmeli ähli çäreler kanunçylyga laýyklykda bellenilen tertipde we möhletde talabalaýyk dowam etdirilýär.
Geçen ýyl kabul edilen Türkmenistanyň Konstitusion kanunyna laýyklykda ýurdumyzda döredilen iki palataly parlament ulgamynyň, ýagny, Milli Geňeşiň wekilçilikli palatasy bolan Halk maslahatynyň agzalygyna dalaşgärleri hödürlemek işi biziň welaýatymyz boýunça-da guramaçylykly geçirildi. Kanuna laýyklykda welaýat, şäher we etrap halk maslahatlary tarapyndan dalaşgärleriň jemi 18-si hödürlenildi we olary bellige almak mart aýynyň 7-sine çenli dowam eder. Olaryň hatarynda welaýatymyzyň dürli pudaklarynda we ulgamlarynda asylly we tutanýerli zähmet çekýän ildeşlerimiz bar. Halk Maslahatynyň agzalygyna dalaşgärleri hödürlemek erkin we deňhukuklylyk, aýanlyk we açyklyk ýagdaýynda deň mümkinçiliklerde amala aşyryldy.