Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen parahatçylyk döredijilik, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanýan «Açyk gapylar» syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan bilen netijeli gatnaşyklary ýola goýmaga, öňden gelýän hyzmatdaşlygy has-da ösdürmäge gyzyklanma bildirýän ýurtlaryň hem-de abraýly halkara guramalaryň sany barha artýar. Soňky döwürde ýurdumyzyň dürli ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň we beýleki guramalaryň wekilleriniň işjeň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly dürli derejedäki maslahatlaryň, duşuşyklaryň, gepleşikleriň we beýleki çäreleriň yzygiderli geçirilmegi netijesinde şol gatnaşyklar hil taýdan täze derejä eýe bolýar. Bu çäreleriň barşynda hyzmatdaşlygyň täze ugurlary kesgitlenilýär.
Geçen hepdäniň anna güni wideoaragatnaşyk arkaly Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlament Assambleýasynyň mejlisine gatnaşdylar. Her ýyl geçirilýän bu çäre ilkinji gezek wideomaslahat görnüşinde guralyp, oňa 57 ýurtdan parlamentarileriň 270-e golaýy gatnaşdy.