Özgerýän we gülläp ösýän Aşgabat milli Liderimiziň döredijilik ylhamynyň nyşanydyr

1 Mart 2021
1237

2021-nji ýylda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň şähergurluşyk syýasaty netijesinde, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe dünýäniň iň owadan şäherleriniň birine öwrülen ak mermerli paýtagtymyz 140 ýyllygyny belleýär. Munuň özi Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň döredijiligiň we ösüşiň belentliklerine tarap ynamly gadam urýandygynyň aýdyň nyşanydyr.

Aşgabat gür bagly seýilgähleri, ýaşyl zolaklary, altynsow gümmezli köşkleri, köp sanly döwrebap suw çüwdürimleri, özboluşly binagärlik aýratynlygy bolan beýik binalarydyr desgalary bilen Watanymyzyň şu günki ajaýyp döwrüni hem-de nurana geljegini aýdyň görkezýär. Ýurdumyzyň baş şäheriniň durmuş-ykdysady, medeni we ruhy mümkinçiliklerinde durmuş ulgamy möhüm orun eýeleýär.

(TDH).