«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzda ylym-bilimiň ösüşine aýratyn üns berilýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda bilim ulgamy ösdürilýär, innowasion tehnologiýalar durmuşa ornaşdyrylýar.
Ýurdumyzda ýaşlara ylym-bilim öwrenmäge giň mümkinçilikler, ähli şertler bar. Häzirki bagtyýarlyk döwrümizde ene dilimizi we dünýä dillerini öwrenmäge giň mümkinçilikler döredilýär.