Aşgabat täze sepgitleri nazarlaýar

26 Fewral 2021
1126

Ýurdumyzda bolup geçýän düýpli özgertmeleriň öň hatarynda barýan ak mermerli Aşgabat özüniň ajaýyp binagärlik gurluşy bilen haýran galdyrýar. Soňky ýyllarda paýtagtymyz ýüzlerçe nusgalyk binalara we desgalara, şol sanda iri ýaşaýyş toplumlaryna beslendi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň täzeçillik strategiýasyna baglylykda, sazlaşykly ösýän türkmen paýtagty şäherde ýaşamagyň döwrebap we ähli amatlyklary bolan köpugurly nusgasyny özünde jemleýär.

Şunuň bilen baglylykda, häzirki wagtda şular ýaly giň möçberli özgertmeleriň Türkmenistanyň ähli sebitlerinde, şäherlerinde we obalarynda giňden ýaýbaňlandyrylandygyny aýratyn bellemek gerek.

«Aşgabat».