22-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, «Türkmen atlary» döwlet birleşiginiň baş direktorynyň, Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň welaýatlaryny we paýtagtymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ileri tutulýan wezipelerine, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýyna we döwlet durmuşyna degişli birnäçe wajyp meselelere garaldy.
Milli Liderimiz sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän iş maslahatyna, ilki bilen, şol bir wagtyň özünde Aşgabat şäheriniň häkimini hem-de paýtagtymyza gözegçilik edýän wise-premýeri çagyrdy. Häkim häzirki döwürde paýtagtymyzda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi. Paýtagtymyza gözegçilik edýän wise-premýer hem dürli maksatly täze desgalaryň taslamalaryny taýýarlamak, şol bir wagtyň özünde şanly seneleri mynasyp garşylamak ugrunda gözegçilik edýän düzümlerinde durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi.