Türkmen milli aýdym-saz sungatynyň ösmeginde uly işleri bitiren ussat halypalar Amangeldi Gönübegiň, Şükür bagşynyň, Bazar bagşynyň, Kel bagşynyň, Hally bagşynyň, Täçmämmet Suhangulyýewiň, Sary bagşynyň, Oraz salyryň, Mylly Täçmyradowyň, Magtymguly Garlyýewiň, Nobat bagşynyň, Pürli Saryýewiň, Sahy Jepbarowyň, Baky Maşakowyň we başga-da ençeme halypalaryň atlary elmydama hormat bilen tutulýar. Ezber halypalaryň zehin goýup döreden we ýerine ýetiren «Ýandym», «Keçpelek», «Humarala», «Burnaşak», «Berkeli çokaý», «Hajygolak»... ýaly ajaýyp sazlaryny her gezek diňläniňde, üýtgeşik bir dünýä düşen ýaly bolýarsyň. Olardaky göwnüňi galkyndyryjy şirinlik, täsinden-täsin imrindiji öwrümler akylyňy haýran edýär.
Türkmen aýdym-saz sungatynyň diýseň baý mirasy bar. Edebi eserleriň döreýşi ýaly, saz eserleri hem bir wakanyň täsiri bilen döreýär. Muňa türkmen halk sazlary hakdaky rowaýatlar-da şaýatlyk edýär. Kel bagşynyň «Ussadym» atly sazy döredişi hakynda şeýleräk bir rowaýat bar.