Berkarar Watanymyzda ylym-bilim ulgamyny ösdürmeklige aýratyn ähmiýetiň berilmegi Diýarymyzyň ösüşleriniň möhüm şerti bolmak bilen bir hatarda, ýaş nesil, şonuň ýaly-da ýurdumyzyň geljegi baradaky aladany hem öz içine alýar. Durmuş ylym bilen öňe gidýär, ösýär hem özgerýär. «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» bellenilişi ýaly, döwletimizde umumy orta bilim ulgamyny kämilleşdirmegiň esasy wezipesi ýokary derejede bilimli nesilleri kemala getirmek, geljekde hünär derejesi ýokary bolan işgärleri taýýarlamak üçin olary öňdebaryjy dünýä tejribesine we halk pedagogikasynyň baý mirasyna daýanyp terbiýelemek bolup durýar.
Taryha ýüzlenenimizde hem, halkymyzyň ylym-bilime we sowatly, dana adamlara aýratyn sarpa goýandygyna göz ýetirmek bolýar. Şonuň netijesinde «Goýun bakan çöl tapar, ylym okan ýol tapar», «Hünär — akar bulak, ylym — ýanar çyrag», «Ylym akyldan dem alar», «Ylymsyz bir ýaşar, ylymly — müň» ýaly paýhasly pentler döräpdir. Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda hem-de öňdengörüjiligi bilen milli bilim ulgamynyň kämilleşdirilmegi, ylmyň ösdürilmegi halkymyzyň asylly ýörelgelerine daýanýar.