Binagärlik sungatynyň dürdänesi

24 Fewral 2021
1002

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň şähergurluşygynda uly özgertmeler durmuşa geçirilip, bagtyýar ýaşaýyş üçin döwrebap şertler döredilýär, köpugurly medeni-durmuş maksatly binalar toplumlary gurulýar. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda mähriban halkymyz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramçylygyny gazanylýan uly ösüşlere, bitirilýän beýik işlere besleýär. Geçen sanlyja ýyllarda gözel paýtagtymyz düýpgöter özgerip, Orta Aziýanyň möhüm syýasy-ykdysady merkezleriniň birine öwrüldi. Şeýle-de, şu ýyl Aşgabat şäheriniň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygyny mähriban halkymyz uly buýsanç we şatlyk bilen ýokary derejede baýram edýär.

Aşgabat şäheriniň taryhyna ser salanyňda, onuň gadymy Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşendigine göz ýetirmek bolýar. 1881-nji ýylda Aşgabat döredilipdir. Şäher ýuwaş-ýuwaşdan ösüp başlaýar. Şol ýyllarda şäherde uly bolmadyk senagat kärhanalary peýda bolýar.

Aziza IŞBAÝEWA,
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň ylmy işgäri.