Resmi habarlar gysga setirlerde

24 Fewral 2021
1062

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow «Hukuk namalary hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunynyň 30-njy maddasyna laýyklykda Permana gol çekdi. Resminama bilen «Döwlet pajy hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 1993-nji ýylyň 29-njy noýabrynda çykaran 1077-nji Permanyna goşmaça girizildi.
* * *
Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow «Hukuk namalary hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunynyň 30-31-nji maddalaryna laýyklykda Türkmenistanyň Prezidentiniň käbir kadalaşdyryjy hukuk namalaryna şu Karara goşulýan sanawa laýyklykda üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek hem-de olaryň käbirini güýjüni ýitiren diýip ykrar etmek hakyndaky Karara gol çekdi.
* * *
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen Azat Toýlymyradowiç Joraýew Lebap welaýatynyň Döwletli etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesine bellenildi.
* * *
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen Almaz Ýusupowiç Ballyýew Türkmenistanyň oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministriniň oba hojalyk tehnikalary we gurallary boýunça orunbasary wezipesine bellenildi.
* * *
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen Batyr Geldymämmedowiç Orazmämmedow Türkmenistanyň oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministriniň daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri boýunça orunbasary wezipesine bellenildi.