Harby durmuş we sanly ulgam

24 Fewral 2021
1176

Bilşimiz ýaly, ähli ugurlar bilen bir hatarda harby ulgamda hem uly ösüşler gazanylýar, täze menzillere, belent sepgitlere ýetilýär. Muňa mysal edip, harby ulgamda häzirki zaman ylymlaryndan üstünlikli baş çykarýan, giň dünýägaraýyşly harby gullukçylaryň taýýarlanylýandygyny bellemek bolar. Sözüň doly manysynda aýtsak, ýurdumyzyň pudaklaryna sanly ulgamyň ornaşdyrylmagy özüniň oňyn netijelerini berýär. 2021-nji ýylyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip atlandyrylmagy baradaky hoş habar tutuş halkymyz bilen birlikde harby gullukçylary hem buýsandyrdy. Şunuň bilen baglylykda, 2021-nji ýylyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip atlandyrylmagy mynasybetli harby gullukçylaryň arasynda guralýan aýdym-sazly dabaralar, maslahatlar, medeni çäreler häzirki gün has giň gerim aldy. Bu çäreleri ýokary guramaçylyk derejesinde, baýramçylyk ruhunda geçirmek bolsa indi asylly däbe öwrüldi. Şeýle dabaralaryň biri, ýaňy-ýakynda «Parahatçylyk ýoly — dost-doganlyk ýoly» ady bilen, podpolkownik Hojaguly Aşyrowyň ýolbaşçylyk edýän garnizonynyň harby gullukçylarynyň gatnaşmaklarynda Gökdepe etrabynyň Medeniýet köşgünde geçirildi. Aýdym-sazly wagyz-nesihat çäresinde Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Merkezi serkerdeler öýüniň «Merdana nesiller» aýdym-saz topary hem-de Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Göreldeli harby orkestriniň aýdymçylarynyň joşgunly çykyşlary ýaňlandy.

Dabaranyň dowamynda sanly ulgama hem giň orun berildi. Şol ýerde — Medeniýet köşgünde, tomaşaçylaryň öňünde, uly göwrümli mawy ekranda Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy Şamyrat Goçmyradow, Gökdepe etrabynyň ýaşaýjysy, mährem ene Oguljemal Myradowa, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Gökdepe etrap komitetiniň başlygy Nurjahan Hojaýewa, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Gökdepe etrap geňeşiniň esasy hünärmeni Amanmyrat Amanmyradow dagy sanly ulgamyň üsti bilen çykyş etdiler. Mundan başga-da, münberde ýürek buýsançlary bilen garnizonyň çäginde ýerleşýän harby bölümleriň harby gullukçylary, leýtenant Kerwendurdy Annamuhammedow, esgerler Medet Baýramgeldiýew we Ylýasjan Tekäýew dagy çykyş edip, hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň bu günki gün ähli Watan goragçylary üçin merdanalygyň, gaýduwsyzlygyň, ruhubelentligiň görelde mekdebi bolup durýandygyny, şol görelde mekdebinden nusga alyp, ata Watanymyzy, mähriban halkymyzy mertlik bilen goramagyň uly bagtdygy barada nygtadylar. Şeýle-de, 2021-nji ýylyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip atlandyrylmagy baradaky hoş habar bilen baglanyşykly hem-de şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygyna görülýän taýýarlyklar, has takygy, ýurdumyzda açylyp ulanylmaga beriljek durmuş we medeni maksatly binalara we desgalara hem-de bu baýram mynasybetli geçiriljek dabaraly harby ýörişe görülýän taýýarlyklar barada buýsançly gürrüň berdiler.

Çary ÇARYÝEW,
maýor.