Türki dilleriň söz baýlygy hakynda söhbet edilende, Mahmyt Kaşgarlynyň ady ilkinji bolup ýatlanylýar. Alym «Türki dilleriň diwany» eserini 1077-nji ýylda ýazyp gutarýar. Sözlükdäki sözleriň käbiri häzirki wagtda hem halkymyz tarapyndan giňden ulanylýar. XI asyrda Mahmyt Kaşgarlynyň sözlüginde ýazyp görkezen köpsanly oguz-türkmen nakyllary, atalar sözleri we goşgulary türkmen halk döredijiliginiň iň gadymy nusgalarydyr. Alymyň bu eseriniň ýene bir gymmatly tarapy bolsa, golýazmanyň 22-23-nji sahypalarynda şekillendirilen dünýä kartasydyr. Mahmyt Kaşgarly türki halklaryň nirede ýaşaýandyklaryny görkezmek maksady bilen bu kartany taýýarlapdyr. Kartanyň merkezinde Balasagun şäheri ýerleşdirilipdir. Häzirki wagtdaky Gyrgyzystan Respublikasynyň çäklerinde ýerleşýän bu taryhy şäher irki döwürlerde Garahanly türkmen döwletiniň merkezi bolupdyr.
Mahmyt Kaşgarlynyň dünýä kartasy togalak görnüşinde çyzylypdyr. Mälim bolşy ýaly, bu alym bilen döwürdeş Abu Reýhan Biruny 22 ýaşynda Ýer şarynyň şekilini ýasapdyr. Şeýle-de olaryň döwürdeşi Omar Haýýamyň: