Parahat geljegimize uly ynam bilen

24 Fewral 2021
1189

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk ýubileýi bellenilýän üstümizdäki ýyl «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýen buýsançly şygara beslenýär. Ýeri gelende, bu şygaryň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji mejlisinde ýurdumyzyň başlangyjy boýunça kabul edilen «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamadan gözbaş alýandygyny bellemek buýsançlydyr.

Adamzat taryhynda jemgyýetiň, döwletiň ösmeginde birek-birege ynanyşmagyň esasynda ýola goýulýan syýasy-ykdysady, medeni-ynsanperwer gatnaşyklar esasy orun eýeleýär. Çünki ynam arkaly ýerine ýetirilýän her bir işiň üstünlik hem-de zähmet ýeňşi bilen tamamlanýandygy nazaryýetde-de, durmuş tejribesinde-de subut edilen hakykat. Ynamyň bar ýerinde parahatçylygyň, hoşniýetli gatnaşyklaryň kemala gelýändigini we berkeýändigini häzirki döwür doly aýdyňlygy bilen görkezýär. Ýaşaýşyň köp ýyllyk tejribesinde belent maksada ýetmegiň berk sütüni hasaplanýan birek-birege ynanyşmagyň ikitaraplaýyn bolmalydygy baradaky pikirler hem öňe sürülýär. Bu babatda ýurdumyz baý tejribe toplady. Muny dünýäniň köp döwletleriniň goldamagynda hemişelik Bitaraplyk derejämiziň iki gezek ykrar edilmeginiň, BMG-niň we onuň düzümleriniň, köp sanly halkara guramalaryň agzasy hökmünde durnukly syýasata eýe bolmak, halkara ýörelgelerine ygrarlylyk ýaly amala aşyrylýan asylly maksatlaryň mysalynda hem görmek bolýar. Bu bolsa Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň adamzat jemgyýetiniň ynamyna mynasyp bolandygynyň nobatdaky subutnamasydyr.

Arslan SAPAROW,
Gurbansoltan eje adyndaky etrap döwlet notarial edarasynyň döwlet notariusy, 1-nji derejeli ýurist.