Çemçeleriň taryhy

24 Fewral 2021
1472

Ilkinji çemçeler biziň eýýamymyzdan üç müň ýyl öň toýun palçykdan ýasalyp, ulanylmaga başlanypdyr. Ata-babalarymyz haýwanlaryň süňklerinden, goçuň we geçiniň şahyndan hem çemçeleri ýasapdyrlar. Soňabaka peýda bolan kümüş çemçeleriň sapy gysga bolupdyr. Gadymy ýazuw çeşmelerine ser salanymyzda, dürli görnüşli çemçeleriň ulanylandygyna şaýat bolýarys.

Edebi çeşmelerimizde çemçe sözüniň «kaşyk», «köfçe», «çömçe» görnüşlerine duş gelmek bolýar. «Kaşyk» — «çemçe» sözüniň gadymy görnüşi. Häzirki wagtda hem käbir şiwelerde çemçä «kaşyk» diýilýär. Gadymy türkmen dilinde «kaşyk» sözi «şah» diýmegi aňladypdyr. Alymlar şundan çen tutup, çemçäniň öň haýwan şahyndan ýasalandygyny, şondan hem «kaşyk» sözüniň gelip çykandygyny aýdýarlar.

Çynar SAPARMYRADOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň Darganata etrap geňeşiniň esasy hünärmeni.