Kürmek — düwün salmagyň bir görnüşi bolup, berkligi we aňsat çözülýänligi bilen tapawutlanýar. Dilimizde «kürmek salmak», «kürmemek» ýaly görnüşlerde ulanylyp, «düwün salmak», «çigmek» manylaryny berýär. Bu düwün oba ýerlerinde häzir hem mal-garalara ýüp daňylanda işjeň ulanylýar. Kürmek salnanda ýüpüň bir ujuny çep eliňe alyp, elleriňi atanak şekilinde tutmaly. Soňra ýüpüň uzyn tarapyny halka görnüşinde ýüpüň daşyndan aýlap, tutup durlan ýüpüň ujuny halkanyň içinden geçirmeli. Şeýle ýagdaýda emele gelen düwne «kürmek» diýilýär. Bu düwni sarç mallar hernäçe çekse-de çözüp bilmeýär. Emma halkanyň içinden geçirilen ýüpüň ujy çekilende aňsat çözülýär. Halk arasynda şalynyň içinde gögeren gara dänelije ösümligiň dänesine — çignine hem «kürmek» diýilýär.
Ata-babalarymyzyň asyrlaryň dowamynda kemala gelen ekerançylyk, maldarçylyk tejribesi milli mirasymyzyň aýrylmaz bir bölegidir. Olary içgin öwrenmek we wagyz etmek ýurdumyzyň ýaş nesilleriniň esasy borjudyr.