Meşhur tebibiň mirasy

24 Fewral 2021
1378

Mary welaýatynda gazuw-agtaryş işlerini geçiren alymlar hum küýzelerine hem-de mallaryň ýülmenen pilçeleriniň ýüzüne gara syýa bilen ýazylan tapyndylary ýüze çykarypdyrlar. Şol ýazgylar pehlewi harplar bilen ýazylypdyr.

Bu dilden ezberlik bilen baş çykaran meşhur tebip Barzueniň VI asyrda Maryda ýaşap geçendigi barada ylmy çeşmelerde maglumatlar saklanyp galypdyr. Ol adalatly hökümdar Anuşirwanyň köşk tebibi bolup işläpdir. Barzue barada köp ertekiler we rowaýatlar dilden-dile geçip, biziň günlerimize gelip ýetipdir.

Äşe ALYÝEWA,
Farap etrabynyň merkezi kitaphanasynyň kitaphanaçysy.