Hormatly Prezidentimiz: «Ata-babalarymyz bedewinde myradyny, milli seçgiçiligiň ajaýyp nusgasy bolan alabaýlarymyzda bolsa bagtyny görüpdirler» diýip bellemek bilen, pederlerimizden gelýän gadymy itşynaslyk däplerine uly hormat-sarpa goýýar hem-de türkmen alabaýlarynyň tohumyny has-da kämilleşdirmek babatda ajaýyp işleri durmuşa geçirýär. Täze taryhy döwrümizde Halkara türkmen alabaý itleri assosiasiýasynyň döredilmegi, ýurdumyzyň sebitlerinde türkmen alabaý itleriniň tohumçylyk-seçgiçilik işi we olary saklap köpeltmek üçin binalar toplumlarynyň gurluşygyna ähmiýetiň berilmegi aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Mundan sanlyja ýyl ozal, ýagny 2019-njy ýylda welaýatymyzyň Ak bugdaý etrabynyň çäginde gurlup, ulanylmaga berlen «Türkmen alabaý itleri» hojalyk jemgyýetiniň binalar toplumy şeýle maksatly desgalaryň ilkinjisidir. Bu toplumda türkmen alabaý itleriniň tohumçylyk-seçgiçilik işi we olary saklap ylmy esasda ösdürip ýetişdirmek hem-de köpeltmek üçin giň şertleriň üpjün edilmegi ulus-ilimizi örän guwandyrýar.
«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň 19-njy fewralynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisiniň barşynda Halkara türkmen alabaý itleri assosiasiýasynyň işini gowulandyrmak boýunça görülýän çäreler barada gürrüňe ünsüň çekilmegi hem-de «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy», «Türkmenistanyň halk itşynasy» diýen döşe dakylýan nyşanlaryň, şeýle-de «Ýylyň türkmen edermen alabaýy» diýen medalyň görnüşleriniň hormatly Prezidentimiziň garamagyna hödürlenmegi ählimizde uly gyzyklanma döretdi. Munuň özi alabaýyň täsin tohumlaryny ýetişdirip, onda iň gowy häsiýetleri kemala getiren ata-babalarymyzyň ajaýyp ýörelgeleriniň bu gün täze röwüşde dowam etdirilýändiginiň we dabaralandyrylýandygynyň subutnamasydyr.