Parahatçylygyň aýdyň ýoly

23 Fewral 2021
2045

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe eziz Diýarymyzyň parahatçylyk ýoly, asudalygy dünýä jemgyýetçiligi bilen hoşniýetli gatnaşyklaryň giň gerim bilen ösmegine badalga bolýar.

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda barha giň mana eýe bolýan ykdysady, medeni gatnaşyklar parahatçylygyň has-da ösýändigine, ynanyşmagyň baky bagtyýarlyga eýe edýändigine aýdyň şaýatlyk edýär. Parahatçylyk bar ýerinde dostana gatnaşyklar, medeniýet, edebiýat, sungat, şonuň bilen birlikde halk hojalygynyň ähli pudaklary gülläp ösýär. Ynanyşmagyň rowaçlanýan ýerinde halklaryň dost-doganlygy berkeýär. Dürli ugurdaky gatnaşyklar jebisleşýär. Bu bolsa dünýäniň ähli ýurtlarynyň parahatçylyk ýoly bilen ösmegine täsir edýär. Halkymyzyň parahatçylyk hem-de ynanyşmak babatdaky ynsanperwer garaýyşlary milli ýörelgelerimizden, däp-dessurlarymyzdan gözbaş alýar. Gahryman Arkadagymyzyň parasatly başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasy 2021-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etdi. Çünki häzirki döwürde bir-biri bilen berk baglanyşykly bu iki düşünje halklaryň arasyndaky hyzmatdaşlygyň, ösüşiň esasy şertine öwrülýär. Giň we çuňňur mana eýe bolan bu iki düşünje türkmen halkynyň milliligine ornan asylly ýörelgelerdir. Ol ynsanperwer ýörelgeleri nesilden-nesle geçirmek hem-de ösüp gelýän ýaşlaryň arasynda wagyz etmek, türkmen medeniýetiniň dünýä ýaýylmagynda örän uly ähmiýete eýedir.

Sähetgylyç GYLYJOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň uly mugallymy.