Magtymguly diýlip ady tutulsa...

22 Fewral 2021
923

Ýaşyň ýokary galdygyça, ýyllar juda çalt geçýär. Sen indi ähli zada ýüzleý garaýan göçgünli ýaş oglan däl-de, ykbalyň daşgynynam, gaýtgynynam telim gezek gören, dadylmaly süýji zatlaram, ajy zatlaram kemsiz dadan, häzir bolsa aklygyň içinde gezip ýören ýaşuly adamsyň.

Seni indi barha Magtymguly özüne çekýändir. Onuň goşgulary okalýan pursatda ähli zady unudýansyň. Okarsyň, oýlanarsyň, özüňçe netije çykararsyň: seniň göwnühoş ýylgyrmaň aňyrsynda eden haýyr işleriň bardyr, hyrçyňy dişläp, baş ýaýkamaň aňyrsynda bolsa eden hata işleriň bardyr. Magtymguly, aýdylyşy ýaly, seni ýüpsüz baglandyr, sebäbi sen beýik ynsanyň huzuryna baransyň! Onuň aýdan zady kändir, örän kändir...

Amanmyrat KIÇIGULOW,
«Balkan».