Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe il-günümiziň asuda, abadan durmuşyny üpjün etmekde uly tagallalar edilýär. Tebigy we tehnogen häsiýetli adatdan daşary ýagdaýlarda halas ediş işlerini guramaçylykly ýola goýmak, şeýle ýagdaýlara hemişe taýýar bolmak bilen bagly wezipelere-de hemişe uly üns berilýär. Golaýda Daşoguz şäher häkimliginiň mejlisler zalynda geçen ýylyň jemine bagyşlanylyp, hem-de adatdan daşary ýagdaýlar barada maslahat geçirildi. Maslahata etrap, şäher häkimleriniň orunbasarlary, häkimlikleriň jogapkär işgärleri, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň welaýat Raýat goranyşy we halas ediş işleri müdirliginiň raýat goranyşyna taýýarlamak we gaýtadan taýýarlamak bölümçesiniň hünärmenleri gatnaşdylar.
Maslahatda Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň welaýat Raýat goranyşy we halas ediş işleri müdirliginiň serkerdesi podpolkownik Guwanç Arazow çykyş edip, geçen ýylda edilen işler barada giňişleýin gürrüň berdi hem-de raýat goranyşyň we adatdan daşary ýagdaýlarda halas ediş işleriniň häzirki döwürdäki möhüm ähmiýeti barada durup geçdi. Soňra şu müdirligiň raýat goranyşyna taýýarlamak we gaýtadan taýýarlamak bölümçesiniň hünärmeni leýtenant Mekan Arazweliýew raýat goranyşynyň harby bölümleriniň şahsy düzüminiň, edara-kärhanalaryň, guramalaryň, raýat goranyşynyň birikmeleriniň ýolbaşçylary we hünärmenleri tarapyndan ilaty raýat goranyşy boýunça taýýarlamagyň we gaýtadan taýýarlamagyň tertibi barada giňişleýin gürrüň berdi.