Golaýda welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde 2021-nji — «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly mynasybetli, hormatly Prezidentimiziň halkymyza peşgeş beren «Mertler Watany beýgeldýär» atly kitabynyň esasynda, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat geňeşiniň, welaýat medeniýet müdirliginiň, Daşoguz şäheriniň çagalar çeperçilik mekdebiniň bilelikde guramagynda «Watan waspy» atly surat çekmek boýunça sergi bäsleşigi geçirildi. Bäsleşige Daşoguz şäherindäki çagalar çeperçilik mekdebiniň hem-de welaýatyň çagalar sungat mekdepleriniň şekillendiriş sungaty hünär ugry boýunça bilim alýan okuwçylar gatnaşdylar.
Sergide okuwçylaryň suwly reňkde, guaşda, tuşda çeken suratlarynda mähriban Watanymyz, baýramçylyk günleri hem-de türkmen esgerleriniň Watan goragyndaky keşpleri ussatlyk bilen wasp edilýär. Bäsleşikde 1-nji synp okuwçylarynyň arasynda birinji orna Daşoguz şäheriniň çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçysy Ogulşat Hanowa, ikinji orna S.A.Nyýazow adyndaky çagalar sungat mekdebiniň okuwçysy Şihnazar Täjimuradow, üçünji hem höweslendiriji orunlara, degişlilikde, Daşoguz şäheriniň çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçylary Geňlik Baýramgulyýewa, Sähra Allabaýewa, Köneürgenç şäheriniň çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçysy Perman Bäşimow, ikinji synplaryň arasynda birinji orna Köneürgenç şäheriniň çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçysy Dursun Ibragimowa, ikinji orna Daşoguz şäheriniň çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçysy Röwşenbek Telemuradow, üçünji orna Gurbansoltan eje adyndaky etrap çagalar sungat mekdebiniň okuwçysy Şahnaza Baltabaýewa, höweslendiriji orna Daşoguz şäheriniň çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçylary Mähri Garaýewa, Eneş Taganalyýewa, 3-nji synplaryň arasynda birinji, ikinji orunlara, degişlilikde, Daşoguz şäher çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçylary Merjen Hanowa, Feruza Atabaýewa, üçünji orna Köneürgenç şäheriniň çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçysy Mekan Nuryýew, höweslendiriji orna Daşoguz şäheriniň çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçylary Erkin Ýusupow, Şyhmyrat Ibragimow, 4-nji synplaryň arasynda birinji, ikinji we üçünji orunlara, degişlilikde, Daşoguz şäher çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçylary Umitjan Şahirow, Arzuw Hojaýewa, Tawus Jumabaýewa, höweslendiriji orna Farhat Dusniýazow, Gulam Rozumbaýew dagynyň surat eserleri mynasyp boldy. Bäsleşigiň ýeňijilerine Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat geňeşiniň, welaýat medeniýet müdirliginiň Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.