Çagalaryň uly höwes bilen tomaşa edýän «Dur, bakaly!» multfilminiň döredilenine 51 ýyl dolsa-da, ol iň söýgüli multfilmleriň hataryndadyr. Multfilm 1969-njy ýylda «Soýuzmultfilm» studiýasynyň režissýory Gennadiý Sokolsk tarapyndan surata düşürilip başlanypdyr. Ol ilkibaşda 3 sany gysga sýužetden ybarat bolupdyr. Multfilmde möjegiň towşanjygy yzarlaýşy we her gezegem bir şowsuzlygyň üstünden barşy gyzykly wakalar arkaly suratlandyrylýar.
Jemi 20 bölümden ybarat bolan bu multfilmiň bölümleri dürli ýyllarda surata düşürilipdir. Her bölümiň dürli-dürli ýerlerde, meselem dükanda, muzeýde, seýilgähde, stadionda, metroda, sirkde surata düşürilmegi multfilmi özüne çekiji edýär. Onuň gyşyň garly günlerini suratlandyrýan we täze ýyla bagyşlanan bölümleri has-da gyzykly. Täze ýyl agşamy bellenilýän bölüminde möjegiň we towşanjygyň ýerine ýetiren «Aýazbabanyň we Garpamygyň» aýdymy ýörite şu multfilm üçin ýazylypdyr. Gahrymanlara belli aktýorlar Anatoliý Papanow we Klara Rumýanowa ses beripdirler.