Hormatly Prezidentimiz: «Häzirki döwürde Türkmenistanda yglan edilen syýasy ugur ynsan gymmatlygyna, adamyň we raýatyň hukuklary babatdaky milli kanunçylygyň we halkara hukugyň kadalaryna esaslanýar» diýip nygtamak bilen, adamyň we raýatyň halkara hukugyň kadalarynda kesgitlenen esasy hukuklaryny ykrar etmegiň we olara sarpa goýmagyň möhümdigini belleýär.
Raýatlyk şahsyň döwlet bilen ygtybarly syýasy-hukuk arabaglanyşygydyr. Şeýle arabaglanyşyk şahsyýetiň döwlet tarapyndan özüne berlen hukuklardan peýdalanyp bilýändigini hem-de öz üstüne ýüklenen borçlary gyşarnyksyz ýerine ýetirmelidigini aňladýar. Döwlet raýata belli bir hukuklaryň berilmegini kepillendirmek bilen birlikde, degişli borçlaryň ýerine ýetirilmegini talap edýär.