2021-nji ýylyň 28-nji martynda ýurdumyzda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlary bolar. Munuň özi möhüm jemgyýetçilik-syýasy çäredir. Şonuň üçin bu saýlawlaryň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegine möhüm ähmiýet berilýär hem-de oňa giňden taýýarlyk görülýär.
Esasy Kanunymyzyň 1-nji maddasynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan demokratik, hukuk we dünýewi döwletdir. Ýurdumyzda konstitusion özgertmeler üstünlikli amala aşyrylýar, kanunçylyk namalarymyz yzygiderli kämilleşdirilýär.