Aýdyň geljegiň nury

19 Fewral 2021
1127

Hormatly Arkadagymyzyň çuň parasaty bilen kemala getirilen kuwwatly ykdysadyýet ata Watanymyzda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleriň, beýik işleriň depginini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär. Şunda döwlet Baştutanymyz Aşgabadyň häzirki zaman şähergurluşyk syýasatyny amala aşyrmakda bar bolan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi bilen bir hatarda, gurulýan desgalarda milli binagärlik ýörelgeleriniň häzirki zaman tejribeleri bilen sazlaşykly utgaşdyrylmagyna aýratyn ähmiýet berýär. Milli Liderimiziň täzeçillik strategiýasy netijesinde türkmen paýtagty häzirki zaman, okgunly ösýän hem-de ýaşamak üçin amatly şäheriň ajaýyp nusgasyny äleme äşgär edýär.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, şäherde ýaşaýan adamlar üçin amatly daşky gurşawy döretmek hem-de olaryň oňaýly ýaşamagy we döredijilikli zähmet çekmegi, göwnejaý dynç almagy hem-de wagtlaryny peýdaly geçirmegi üçin şertleri döretmek şäheri ösdürmegiň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Milli Liderimiziň taýsyz tagallasy bilen özüniň täsin desgalary, belent binalary bilen şan-şöhraty dünýä dolýan paýtagtymyza buýsanjymyz, guwanjymyz has hem artýar. Merjen şäherimizde hormatly Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy bilen gysga döwrüň içinde kemala getirilen «Arçabil», «Çandybil», Magtymguly, «Garaşsyzlyk» şaýollarynyň ugrunda köpugurly desgalar, Parahat 7, «Täze zaman», Çoganly ýaşaýyş toplumlarynyň, şeýle hem paýtagtymyzy ösdürmegiň çäklerinde gurlan binalar bu gün ähli türkmenistanlylaryň buýsanjyna öwrüldi. Olaryň ählisinde gurlan döwrebap ýollar, ugurlarynda ýetişdirilen täsin baglar, al-elwan güller paýtagtymyzyň gözelligini has-da artdyrýar.

Kemal REJEPOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.