Kämil kanunlar ösüşe badalga

19 Fewral 2021
1295

«Döwlet gullukçysynyň etikasy we gulluk özüni alyp barşy hakynda» Türkmenistanyň Kanuny jemgyýetde durnuklylygy we howpsuzlygy ygtybarly üpjün etmekde, döwleti dolandyrmakda demokratik başlangyçlary, aýanlygy we gözegçiligi giňeltmekde, ilatyň döwlete we onuň düzüm gurluşlaryna bolan ynamyny berkitmekde, işini ýokary derejede bilýän hünärmenleri döwlet gullugyna girmäge höweslendirmekde, döwlet gullukçylarynyň halallygynyň kepilliklerini berkitmekde uly ähmiýete eýedir.

Döwlet gullukçysynyň etikasy we gulluk özüni alyp barşy hakynda kanunçylyk Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, şeýle hem jemgyýetiň we döwletiň umumy ykrar edilen ahlak ýörelgelerine we kadalaryna esaslanýar hem-de döwlet gullukçylarynyň eýeleýän wezipesine garamazdan, goldanmaly bolan gulluk, hünär etikasynyň umumy ýörelgeleriniň we özüni alyp barşyň esasy düzgünleriniň jemi bolan «Döwlet gullugy hakynda», «Korrupsiýa garşy hereket etmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunlaryndan we gaýry kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan ybaratdyr.

Bilbil SAPAROWA,
welaýat prokurorynyň hukuk üpjünçiligi boýunça uly kömekçisiniň wezipesini ýerine ýetiriji, 1-nji derejeli ýurist.