Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Hazar deňziniň meseleleri boýunça pudagara toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Onda 2020-nji ýylda ýerine ýetirilen işleriň netijelerine garaldy hem-de geljekde geçirilmeli işleriň ileri tutulýan ugurlary kesgitlenildi. Mejlisiň dowamynda ara alnyp maslahatlaşylan esasy meseleleriň hatarynda Türkmenistanda geçiriljek VI Hazar sammitine taýýarlyk görmek, şeýle hem ýurdumyzyň Hazarýaka döwletler we sebitdäki guramalar bilen hyzmatdaşlygyň çäklerinde Hazar deňzinde alyp barýan işleri bilen bagly meseleler boldy.
* * *