Türkmenistan — BMG : parahatçylygyň we durnukly ösüşiň hatyrasyna

18 Fewral 2021
1754

Türkmenistan 1992-nji ýylyň 2-nji martynda BMG-niň agzalygyna kabul edilen gününden bäri bu halkara gurama bilen oňyn hyzmatdaşlygy alyp barýar. Garaşsyz Türkmenistanyň BMG-niň agzalygyna kabul edilmegi ýaş döwletimiziň halkara bileleşigi tarapyndan özbaşdak ýurt hökmünde ykrar edilmegini alamatlandyrdy. Türkmenistan BMG-niň deňhukukly agzasy hökmünde guramanyň Tertipnamasyndan gelip çykýan borçlaryna pugta eýerýär we ýerine ýetirýär.

Döwletimiz BMG-niň käbir esasy düzümleriniň — Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasynyň, Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF), Ilat gaznasynyň, Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň, BMG-niň Neşe we jenaýatçylyk baradaky müdirliginiň, Gender deňligi hem-de zenanlaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini artdyrmak meseleleri baradaky düzüminiň, Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary Komissarynyň müdirliginiň, Halkara migrasiýa guramasynyň agzasydyr. Ýurdumyzda bularyň wekilhanalary, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi üstünlikli işleýär.

Aýna NURYÝEWA,
Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Jezalary ýerine ýetirmek müdirliginiň 2-nji bölüminiň uly gözegçisi, içerki gullugyň maýory.